Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler

Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler

Aýdymçy Teýlor Swiftiň kinokonserti ABŞ-da iň köp kassa ýygymly şowhun bolup biler, bu barada The Hollywood Reporter neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Ýagny aýdymçynyň Taylor Swift: The Eras Tour konsertiniň kinoteatr nusgasy prokatdaky ilkinji dynç alyş günlerinde 100 million dollar toplar diýlip garaşylýar. Netijede, film-konsertiň Demirgazyk Amerikadaky umumy kassa ýygymy 150 million dollardan hem geçer.

Häzir Amerikada iň üstünlikli film-konsert Jastin Biber: Hiç haçan hiç haçan diýme bolup, ol 2011-nji ýylda 73 million, dünýäde 99 million dollar gazandy. Dünýä prokatynda meşhur aýdymçynyň amala aşmadyk konsertine taýýarlygyny görkezýän Maýkl Jekson: ine, bar bolany atly dokumental film-konsert rekordçy bolup durýar, ol 2009-njy ýylda dünýä prokatynda 261,2 million dollar toplady.

Teýlor Swiftiň film-konserti ABŞ-da we Kanadada 13-nji oktýabrda ekranlara çykar.

Ýene degişli makalalar

Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
Ýylyň adamy saýlandy
9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi
Teýlor Swiftiň film-konserti kassa ýygymlary boýunça Jokerden öňe geçer
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Teýlor Swift milliarderler boldy