Ýylyň adamy saýlandy

Esasan hem şu ýyl, aýdym-saz konsertlerinde goýan rekordlary, dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde konsertleri guramagy, öz ýurdunyň hem-de konsert bermäge baran ýurdynyň ykdysadyýetine goşant goşmagy, “Forbes”-iň “Iň güýçli zenanlar” sanawynda bäşinji, mediýa we güýmenje ugrundaky sanawynda birinji bolmagy, hatda ýokary okuw mekdebinde okadylýan maksatnama girizilmegi bilen Teýlor Swiftiň bütin dünýädäki meşhurlygy artdy. Şeýle bolansoň, “Time” žurnaly ýaş aýdymçyny 2023-nji ýylyň adamy (Person of the Year) hökmünde saýlady.

Neşiriň redaktory Säm Ýakobs köp sanly guramanyň netije gazanyp bilmeýän dünýäsinde Swiftiň serhetleri aşmagyň we ýagtylyk çeşmesi bolmagyň bir ýoluny tapandygyny belledi.Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda planetamyzda başga hiç bir adam şeýle köp adamy şondan gowy hereket etdirip bilmez.

Indi Elwis Presli, Maýkl Jekson we Madonna ýaly aýdym-saz ýyldyzlary ýaly meşhurlyk gazanan Swift golaýda milliarderleriň sanawyna hem goşulypdy.

33 ýaşly aýdymçy aýdym-saz baýraklarynyň hem birnäçesine mynasyp boldy.

Düýn “Time” žurnaly “Ýylyň adamy” üçin birnäçe dalaşgäriň saýlanandygyny, esasan, olaryň üçüsinden biriniň saýlanyp bilinjekdigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
8 çempionlygy bolan klub aşaky liga düşdi
Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler