9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi

Ozalky çykaran albomlaryny “1989 (Taylor’s Version)” ady bilen gaýtadan ýaýradan meşhur aýdymçy Teýlor Swift öz rekordyny täzeledi.Albom iň köp diňlenen aýdymlaryň sanawynda ýokarky basgançagy eýeledi.

Ilkinji nusgasy 2014-nji ýylda çykan albom täzeden ýazgy edilipdir. 27-nji oktýabrda ýaýradylan albomda “Blank Space”, “Style”, “Out of the Woods”, “Bad Blood” we “Shake it Off” ýaly aýdymlar bar.

At hökmünde Swiftiň doglan ýyly bolan “1989” goýlan albom “Grammy”-niň Iň gowy albom baýragyna mynasyp bolupdy.

“1989 (Taylor’s Version)” albomy diňleýjilere ýetirilen ilkinji hepdesinde “Billboard Top 200” sanawynda 1-nji orna çykypdy. Şeýlelikde aýdymçy sanawda 13-nji gezek birinji boldy.

Şeýle hem bu albomy iňlis aýdymçysy Adeleniň “25” albomyndan soňra bir hepdede iň köp satylan albom boldy.

Aýdymçynyň bu albomy öz karýerasyndaky iň köp satylan albomy boldy.

“Grammy” baýragynyň laureaty bolan aýdymçy üstünlilere beslenen karýerasynda awgust aýynda “Midnights” albomy bilen “Spotify”-da 100 million diňleýjisi bolan ilkinji zenan aýdymçy hökmünde taryha adyny ýazdyurypdy. “Grammy”-de üç gezek “Ýylyň albomy” baýragyny gazanan dört aýdynyň biri bolan Swift golaýda kino industriýasyna hem gadam basdy.

Aýdymçynyň “Taylor Swift: The Eras Tour” atly konsert filmi prokata çykyp, ýokary netije görkezipdi.Film ilkinji hepdesinde 96 million dollar kassa ýygymyny toplady.

Golaýda bolsa, aýdymçynyň milliarderleriň sanawyna girendigi mälim edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Albom çykmazdan, rekord goýdy
Teýlor Swift milliarderler boldy
Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy
Aýdymçy Ariana Grande nobatdaky gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy