The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy

The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy

Kanadaly aýdymçy The Weeknd Spotify akym platformasynda bir aýdaky diňleýjileriň sany boýunça lider boldy. Aýdym-saz serwisi degişli statistikany duşenbe güni neşir etdi diýip, TASS habar berýär.

The Weeknd-iň kompozisiýalaryny diňleýjileriň sany bir aýda 85,7 mln töweregi adama ýetdi.Ikinji orny 83,3 mln diňleýji bilen kanadaly aýdymçy Jastin Biber eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, Biber serwisiň taryhynda Spotify-da bir aýyň dowamyndaky diňleýjileriň absolýut sany boýunça birinjiligi saklamagy dowam etdirýär 94,6 mln.

The Weeknd-iň üstünligine 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda çykan täze Dawn FM albomynyň meşhurlygy ýardam etdi diýip, “Daily Mail” neşiri ýazýar.

The Weeknd lakamy bilen çykyş edýän Abel Makkonen Tesfaýe öň birnäçe gezek halkara aýdym-saz baýraklarynyň, şol sanda Grammy we MTV EMA baýraklarynyň eýesi boldy. Onuň aýdymlary Billboard Hot 100 sanawlaryna yzygiderli goşulýar.

Spotify hyzmaty 2008-nji ýylda işe girizildi. Häzirki wagtda onuň 381 mln ulanyjysy, şol sanda dünýäniň 178 ýurdunda Spotify Premium-yň 172 mln abunaçysy bar.

Ýene degişli makalalar

BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy
Tbiliside Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Kino täzelikleri
Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi
“Asman” modalar öýi Aspara modalar hepdeliginde özüniň kolleksiýasyny görkezdi