63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy

Aýdym-saz äleminiň iň uly baýragy hasaplanýan “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi.Dünýä belli aýdymçy Beýonse 9 ugurda dalaşgär görkezildi.Ol ýylyň ýazgysy, ýylyň aýdymy ýaly esasy ugurlarda “Gremminiň” dalaşgärligine hödürlendi.

Beýonse 9 dalaşgärliginiň köpüsini “Black Parade” atly aýdymy esasynda gazandy. Şunlukda, Beýonse “Gremminiň” taryhynda iň köp dalaşgär bolan zenan aýdymçy hökmünde taryha girdi. 33 ýaşyndaky aýdymçynyň şu wagta çenli 24 “Gremmi” heýkeljigi bar.

Ol 79 gezek dalaşgär görkezildi.Nobatdaky dabarada ol 4 baýrak gazansa, onda Beýonse iň köp “Gremmi” alan zenan aýdymçy bolar.Ol 63-nji baýrak gowşurylyş çäresinde 9 dalaşgärliginiň 8-sinde ýeňiş gazansa, onda ol iň köp Gremmi baýragyny eýelän aýdymçy hökmünde taryha girer.

Şeýle-de 63-nji “Gremmi” baýraklarynda Dua Lipa, Teýlor Swift, rep aýdymçysy Roddy Ricch 6, geçen ýyl birnäçe rekord goýan 18 ýaşyndaky aýdymçy Billie Eilish 4 ugurdan dalaşgär görkezildi.

Dünýä belli koreý aýdym-saz topary BTS esasy ugurlaryň daşynda galyp, iň gowy pop topary ugry boýunça “Gremmi” baýragynyň dalaşgärligine mynasyp boldy.Bu olaryň ilkinji “Gremmi” dalaşgärligidir. Şol sanda meşhur aýdymçy The Weeknd bu gezek ýeke dalaşgärlik hem gazanyp bilmedi.

63-nji gezek gowuryljak “Gremmi” baýraklarynyň ýeňijileri 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Los Anjelesdäki “Staples Center” arenada Trewor Noranyň alyp barjak dabarasynda yglan ediler.

63-nji “Gremmi” baýraklarynyň esasy ugurlarynyň dalaşgärleri:

Ýylyň ýazgysy

“Black Parade” Beýonse

“Colors” “Black Pumas”

“Rockstar” DaBaby bilen Roddy Ricch

“Say So” Doja Cat

“Everything I Wanted” Billie Eilish

“Don’t Start Now” Dua Lipa

“Circles” Post Malone

“Savage” Megan Thee Stallion bilen Beýonse

Ýylyň albomy

“Chilombo” Jhené Aiko

“Black Pumas (Deluxe Edition)” Black Pumas

“Everyday Life” Coldplay

“Djesse Vol. 3” Jeýkob Kollier

“Women in Music Pt. III” HAIM

“Future Nostalgia” Dua Lipa

“Hollywood’s Bleeding” Post Malone

“Folklore” Teýlor Swift

Ýylyň aýdymy

“Black Parade” Beyonse

“The Box” Roddy Ricch

“Cardigan” Teýlor Swift

“Circles” Post Malone

“Don’t Start Now” Dua Lipa

“Everything I Wanted” Billie Eilish

“I Can’t Breathe” H.E.R.

“If the World Was Ending” – JP Saxe bilen Julia Michaels

Ýylyň täze aýdymçysy

Phoebe Bridgers

Ingrid Andress

Doja Cat

Kaytranada

Megan Thee Stallion

Noah Cyrus

Chika

D Smoke

The post 63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler
Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy
Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi