63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy

Aýdym-saz dünýäsiniň iň uly baýragy hasaplanýan Gremmi baýraklary Los Anjelesde geçirilen dabarada 63-nji gezek öz mynasyplaryna goşwuryldy.Trewor Noanyň alyp baran dabarasynda ýylyň ýazgysy diýlip Billie Eilish “Everything I Wanted” atly aýdymy saýlandy. Ýaş aýdymçy bu ugurda Beýonse, Dua Lipa, Post Malone, Doja Cat, Black Pumas, Megan Thee Stallion ýaly aýdymçylardan tapawutlanmagy başardy. Ýylyň aýdymy baýragyna-da H.E.R.-iň “I Can’t Breathe” atly aýdymy laýyk görüldi.

Owadan Teýlor Swiftiň “Folklore” atly albomy-da ýylyň albomy diýlen ugurda Gremmi baýragyny gazandy.Ol ýylyň albomy baýragyny 3-nji gezek gazanan ilkinji zenan aýdymçy hökmünde Gremminiň taryhyna girdi.

Meşhur aýdymçynyň “Fearless” albomy 2010-njy ýylda, “1989” atly albomy-da 2015-nji ýylda iň gowy albom diýlip saýlanypdy.

Ýylyň täze aýdymçysy baýragy Megan Thee Stalliona gowşuryldy. Ýaş aýdymçynyň Savage atly aýdymy iň gowy rep aýdymy saýlandy. Ol bu baýragy alan ilkinji zenan aýdymçy hökmünde hasaba alyndy.

Iň köp ugurda (9) dalaşgär görkezilen Beýonse 4 Gremmi baýragyny gazandy.Onuň “Black Parade” atly aýdymy iň gowy R&B aýdymy diýlip saýlandy.Ol Megan Thee Stallionyň ýerine ýetiren “Savage” atly aýdymyna şäriklikde iň gowy rep aýdymy we iň gowy rep ýerine ýetiriliş ugurlarynda 2 Gremmi heýkeljigine, şeýle-de onuň Saint Jhn, Wizkid we 9 ýaşly gyzy Blu Aýwi Karter bilen bilelikde ýerine ýetirýän “Brown Skin Girl” atly şekilli aýdymy iň gowy aýdym-saz wideosy baýragyna laýyk görüldi. Şunlukda, Beýonseniň karýerasy boýunça gazanan Gremmi baýraklarynyň sany 28-e ýetdi.

Ol Gremmi baýragyny iň köp gazanan zenan aýdymçy bolmak bilen bir hatarda, umumylykda, ondan öňde diňe Ser Georg Şolti bolup, onuň 31 Gremmi heýkeljigi bar.

Harri Staýlesiň “Watermelon Sugar” aýdymy iň gowy solo pop aýdymy, Dua Lipanyň “Future Nostalgia” albomy iň gowy pop wokal albomy, Nasyň “King’s Disease” atly albomy iň gowy rep albomy, Leýdi Gaga bilen Ariana Grandeniň bilelikdäki “Rain On Me” iň gowy pop topar/duo aýdymy, The Strokes-iň “The New Abnormal” albomy iň gowy rok albomy, Brittani Howardyň “Stay High” aýdymy iň gowy rok aýdymy, Fiona Apple-niň Sharmika aýdymy iň gowy rok ýerine ýetiriliş, ýene-de onuň “Fetch The Bolt Cutters” albomy iň gowy alternatiw albom, Jon Lejendiň “Bigger Love” albomy iň gowy R&B albomy diýlip saýlandy.

Birnäçe aýdymçynyň çykyş eden dabarasynda ýene-de onlarça ugurda Gremmi heýkeljikleri gowşuryldy.Dabara aýdymçylaryň hemmesine golaýy gatnaşyp, käbirleri-de onlaýn ýagdaýda dabaranyň myhmany boldular.

The post 63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler
Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy
Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi
Aýdymçy Brýus Springstin ähli aýdymlaryny satmakçy