Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler

Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler

“Gremmi” baýragyna dalaşgärler 2021-nji ýylyň 23-nji noýabrynda yglan edildi. Dalaşgärlik edýän ugurlarynyň sany boýunça öňdebaryjy (11 ýatlama) jaz kompozitory we sazandasy, “Soul” animasiýa filminiň saundtreginiň awtory Jon Batiste boldy. Muny intermedia.ru habar berdi.

Jon Batisteden soň Jastin Biber, Doja Cat we H.E.R dagylaryň hersi 8 ugur boýunça baýraga dalaş edýärler. “Uly dörtlügiň” dört nominasiýasynyň ählisinde - albom, aýdym, ýylyň ýazgysy we iň gowy täze aýdymçy ugurlarynda Oliwiýa Rodrigo we Finneas dalaşgär görkezildi. Şeýle hem Billi Aýliş we Lil Nas X albom, aýdym we ýylyň ýazgysy ugurlarynda dalaşgär görkezildi.

9-njy fewralda aradan çykan Çik Koria baýraga dört ugur boýunça - üçüsi jaz boýunça, biri bolsa iň oňat nusgawy saz ýygyndysy boýunça dalaşgär görkezildi. Koriada ozal hem 25 sany “Gremmi” baýragy bar. Eger-de dört ugruň hemmesinde ýeňiş gazansa, onda ol dirižýor Georg Şoltiden soň "Gremmi"-niň taryhynda iň köp sylaglanan aýdymçy bolar.

64-nji "Gremmi" baýraklary 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Los-Anjelesdäki Staples Center-de gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Meşhur klub çempionlygyny goramagy başardy
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Maduro ABŞ-nyň Prezident Saýlawlaryna Goşulyşmaga Çalyşýandygyny Aýtdy
Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny
Sterlingiň indiki tutluşygynyň kim bilen boljakdygy aýdyldy