66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

Aýdym-saz äleminiň iň abraýly baýragy hasaplanýan “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Öňümizdäki ýylyň fewral aýynda gowşuryljak 65-nji “Gremmi” baýraklaryna SZA ady bilen meşhur bolan Solana Imani Rowe iň köp ugur boýunça dalaşgär görkezildi. 34 ýaşyndaky zenan aýdymçy 9 ugurdan “Gremmi” baýragyna dalaş eder.

Onuň “Kill Bill” atly aýdymy ýylyň ýazgysy, ýylyň aýdymy, iň gowy R&B ýerine ýetiriliş, SOS atly albomy iň ýylyň albomy, progressiw R&B albomy ýaly ugurlarda dalaşgär diýlip bellendi.

Fibi Bridjers, Serban Genea, Wiktoriýa Mone ýaly aýdymçylar 7 ugur boýunça “Gremmi” heýkeljiklerini gazanmak üçin göreşerler.Teýlor Swift, Maýli Saýrus, Billi Aýliş, Oliwiýa Rodrigo ýaly dünýä belli zenan aýdymçylar 6 ugur boýunda dalaşgärlige hödürlendi.

Amerikaly aýdymçy Wiktoriýa Moneniň “Hollywood” atly şekilli aýdymynda ejesiniň aýdymyna kiçeňräk goşant goşan 2 ýaşyndaky Hazel Mone “Gremmi” baýraklarynyň iň ýaş dalaşgäri hökmünde hasaba alyndy.

“Gremmi” baýraklarynyň iň esasy 3 ugrunyň biri bolan ýylyň ýazgysy diýlen ugurda “Worship” (Jon Batiste), “Not Strong Enough” (“Boygenius”), “Flowers” (Maýli Saýrus), “What Was I Made For?” (Billi Ailiş), On My Mama” (Wiktoriýa Mone), “Vampire” (Oliwiýa Rodrigo), “Anti-Hero” (Teýlor Swift) hem-de “Kill Bill” (SZA) atly aýdymlar dalaşgär görkezildi.

A&W (Lana Del Reý), “Anti-Hero” (Teýlor Swift), “Butterfly” (Jon Batiste), “Dance the Night” (Dua Lipa), “Flowers” (Maýli Saýrus), “Kill Bill” (SZA), “Vampire” (Oliwiýa Rodrigo) hem-de “What Was I Made For?” (Billi Ailiş) atly aýdymlaryň biri ýylyň aýdymy diýlip saýlanar. Şeýle-de, Jon Batisteniň “World Music Radio”, “Boygenius” gruppasynyň “The Record”, Maýli Saýrusyň “Endless Summer Vacation”, Lana Del Reýiň “Did You Know That There’s a Tunnel Under Ocean Blvd”, Janelle Monae-niň “The Age of Pleasure”, Oliwiýa Rodrigonyň “Guts”, Teýlor Swiftiň “Midnights”, SZA-nyň SOS atly albomlary ýylyň albomy baýragyna dalaşgärlige hödürlendi.

Greýsi Abrams, Fred Again, Ice Spice, Jelly Roll, Coco Jones, Noah Kahan, Wiktoriýa Mone hem-de iki ýanýoldaşyň düzen aýdym-saz gruppasy “The War and Treaty” ýylyň täze sungat işgäri baýragynyň dalaşgärleri boldy.

Aýdym-sazyň pop, rok, rep, jazz, kantri, R&B, tans/elektronika, alternatiw aýdym-saz ýaly dürli görnüşleri boýunça solo, duo, albom, ýerine ýetiriş ýaly ugurlardan ýeňijiler sylaglanar.

65-nji “Gremmi” baýraklarynyň ýeňijileri 2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda Los Anjeles şäherindäki “Crypto.com Arena” desgasynda geçiriljek dabarada belli bolar.

Ýene degişli makalalar

63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
“Gremmi” baýraklarynyň täze eýeleri belli boldy
Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy
Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi