Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy

Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy

Amerikaly pop aýdymçysy Billi Aýliş No time to die kompozisiýasy üçin Wizual media üçin ýazylan iň gowy aýdym ugry boýunça Gremmi baýragyny aldy. Bu barada guramanyň resmi web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Aýdylmagyna görä, Aýliş öz ýeňşini dogany we aýdym-saz hyzmatdaşy Finneas O'Konnell bilen paýlaşdy. "No time to die" aýdymy meşhur Jeýms Bond hakdaky adybir film üçin ýazyldy.Bondiananyň iň soňky bölümi koronawirus pandemiýasy sebäpli köp gijikdirilenden soň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda uly ekranlara çykar.

Aýliş we O'Konnell Teýlor Swift, Sintiýa Eriwo, kompozitorlar Kristen Anderson-Lopez we Robert Lopez ýaly bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler
“Gremmi” baýraklarynyň täze eýeleri belli boldy
Teýlor Swift “The Beatles”-iň rekordyny täzeledi