6 ýyldan soň, 8-nji albomyny çykarar

Meşhur aýdymçy Kristina Agilera 6 ýyldan soň, täze albom çykarar.Onuň täze albomy “Liberation” diýlip atlandyrylýar.Bu amerikaly aýdymçynyň 8-nji albomy bolup, ol 15 aýdymdan ybaratdyr. “Sony Music” şereketiniň garamagynda taýýarlanan albom 15-nji iýundan başlap, satuwa çykarylar.

Golaýda 37 ýaşly zenan aýdymçy şol albomdan bir aýdymyň, ýagny “Accelerate” atly aýdymyň klibini hem taýýarlap, halk köpçüligine hödürledi.Muşdaklar tarapyndan gyzgyn garşylanan şekilli aýdyma Zoeý Grossman režissýorlyk etdi.6 “Gremmi” baýragynyň eýesi Kristina Agilera şu wagta çenli çykaran 7 albomynyň tutuş dünýä boýunça 43 milliondan gowrak nusgasy satyn alyndy.

Golliwuddaky Şöhratlylar alleýasyndaky (Hollywood Walk of Fame) ýyldyzlaryň hataryna adyny ýazdyran aýdymçynyň 5 aýdymy “Billboard Hot 100”-üň sanawynda birnäçe hepde 1-nji orny saklapdy.

Ýene degişli makalalar

Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
Madonna 60 ýaşady
“Time” Günorta Koreýanyň BTS toparyny ýylyň artisti diýip atlandyrdy
Post Malone, Billie Eillish “Billboard 2020” baýraklarynyň ýeňjileri
Bilesiň gelýärmi? gepleşiginde Gremmi barada gürrüň berilýär