Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi

Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi

The Weeknd sahna ady bilen çykyş edýän kanadaly aýdymçy Eýbel Tesfaýe dünýäde iň meşhur artist hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol aýdymlary bir aýda 100 milliondan gowrak adam tarapyndan diňlenilen ilkinji aýdymçy hökmünde taryha girdi diýip, Vesti.ru ýazýar. Onuň aýdymlaryny has takygy bir aýda 111,4 million diňleýji diňledi.

2016-njy ýylda The Weeknd özüniň Starboy aýdym-saz albomy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi, şol gezek onuň albomy saz serwisleriniň birinde iň köp diňlenilýän albom hökmünde yglan edilipdi. Sazanda şeýle-de Billboard Hot 100 amerikan žurnalynyň aýdymçy erkekleriň birinji onlugynda iň uzak wagtlap saklanan ýerine ýetirji bolmagy başarypdy.

Ol Gremmi baýragynyň dört gezek, Billboard baýragynyň ýigrimi gezek eýesi boldy, Oskar baýragyna hödürlendi.

Eýbel Tesfaýe 1990-njy ýylyň 16-njy fewralynda Torontoda efiopiýaly bosgunlaryň maşgalasynda dünýä indi. Ol şeýle-de prodýuser, aktýor, jemgyýetçilik işgäridir. Eýbel Tesfaýe 2021-nji ýylda Bütindünýä azyk maksatnamasynyň ak göwünli ilçisi boldy.

Ýene degişli makalalar

63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy
Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi
Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi
The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy
Tbiliside Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi