Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi

Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi

Kanadaly aýdymçy The Weeknd tarapyndan ýerine ýetirilen Blinding Lights diýen aýdym Billboard žurnaly tarapyndan ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy diýlip yglan edildi. Bu kompozisiýa Hot 100 sanawynda amerikaly aýdymçy Çabbi Çekeriň The Twist atly aýdymynyň ornuny çalyşdy.

Habarda The Weeknd toparynyň Blinding Lights aýdymynyň iň köp diňlenýän aýdymlaryň sanawynda 90 hepdeläp saklanyp, rekord goýandygy aýdylýar, hut şunuň üçin žurnal ony Ähli döwürleriň iň ajaýyp aýdym eseri diýip atlandyrdy.

Şu ýylyň maýynda The Weeknd atly ýerine ýetiriji Billboard Music Awards baýragyna on ugur boýunça mynasyp boldy, ol şeýle-de ýylyň iň oňat aýdymçysy diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy
The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy
Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY