BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy

BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy

Günorta Koreýanyň BTS topary American Music Awards 2021 aýdym-saz baýragynyň “Artist of the Year” nominasiýasynda ýeňiji boldy. Bu barada Yonhap agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şeýlelik bilen, BTS topary bu nominasiýada ýeňiji bolan ilkinji aziýaly ýerine ýetiriji boldy. “Ýylyň artisti” adyna dalaşgärleriň arasynda Ariana Grande, Dreýk, Oliwiýa Rodrigo, Teýlor Swift we The Weekend topary hem bardy.

Öň, BTS Billboard Hot 100 reýtinginde birinji orny eýelän ilkinji günorta koreýaly topar, şeýle-de “Duet ýa-da topar tarapyndan iň gowy wokal pop-çykyşy” nominasiýasynda Grammy baýragyna dalaş eden ilkinji K-pop (keý-pop) ýerine ýetirijisi bolupdy. Ýöne topar bu baýragy alyp bilmedi.

American Music Awards 1973-nji ýylda döredilen ýyllyk amerikan aýdym-saz baýragydyr.

Ýene degişli makalalar

“BTS” “American Music Awards-yň” baş baýragyna mynasyp boldy
Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymuradow türk serialynda çykyş etdi, Türkmenawtoulaglary agentligi hem-de ETL kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar