“BTS” “American Music Awards-yň” baş baýragyna mynasyp boldy

“BTS” “American Music Awards-yň” baş baýragyna mynasyp boldy

Düýn Los Anjelesiň “Microsoft” teatrynda “American Music Awards-yň” 49-njy baýrak gowşuryş dabarasy geçirilip, onda ýeňijiler yglan edildi.Dabarada “Ýylyň artisti” diýen baýraga Ariana Grande, Dreýk, Oliwiýa Rodrigo, Teýlor Swift we The Weeknd ýaly aýdymçylardan tapawutlanan Günorta Koreýanyň “BTS” topary eýe boldy.

Mundan başga-da, “BTS” “Iň gowy pop topary” diýlip saýlanyldy we olaryň “Butter” aýdymy “Ýylyň iň gowy aýdymy” diýen ugurda ýeňiji hasaplandy.

Ed Şeran iň gowy aýdymçy diýlip kesgitlendi, zenanlaryň arasynda bolsa Teýlor Swift iň gowy zenan aýdymçy diýlip yglan edildi. Şol bir wagtyň özünde aýdymçynyň “Evermore” atly albomy “Ýylyň iň gowy albomy” diýen ugurda ýeňiji boldy. “Коммерсантъ” neşiriniň habar bermegine görä, “BTS” K-pop topary ýakynda geçen MTV Europe Music Awards bäsleşiginde “Iň gowy topar”, “Iň gowy pop ýerine ýetiriji”, “Iň gowy K-pop ýerine ýetirijisi” we “Iň wepaly janköýerler” diýen baýraklara eýe bolmak bilen, iň köp baýraga mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy
Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymuradow türk serialynda çykyş etdi, Türkmenawtoulaglary agentligi hem-de ETL kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar