Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly žurnalistrler MediaCAMP Award 2022 sebitleýin bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Oňa döwlet we döwlete degişli däl habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, möhüm kontentleriň awtor-esaslandyryjylary, foto we wideožurnalistler gatnaşyp biler.

Bäsleşige 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli aralykda islendik görnüşde rus ýa-da milli dilleriň birinde (gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek...) ýerli garaşsyz ýa-da döwlet metbugatynda çap edilen iş bilen gatnaşyp bolýar.

Ýüztutmalar şu ýylyň 5-nji iýunyna çenli kabul ediler.

Degişli anketany doldurmagyň we eserlere baha bermegiň şertleri internews.kz web saýtynda düşündirilýär.

Bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň sentýabr aýynda MediaCAMP Fest-iň çäginde yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymuradow türk serialynda çykyş etdi, Türkmenawtoulaglary agentligi hem-de ETL kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar
Bakuwyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada we GDA-da iň gowy diýlip yglan edildi
Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy