Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy

Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy

Hytaýyň Lenovo kompaniýasy Red Dot Design Award 2022 baýragyny alan Mozi subbrendinden geljegiň konseptual noutbugyny hödürledi diýip, Aroged portaly habar berýär. Gurluşyň esasy aýratynlygy - onuň oturtma displeýi aýrylan.

Noutbukda şekili çykarmak üçin ekranyň deregine proýektor ulanylýar.Mozide adaty klawiaturanyň ýerine korpusyň içinde "gizlenýän" çekilip çykarylýan klawiatura hödürlenýär.Klawiaturany, mysal üçin wideo ýa-da prezentasiýa göreňde, stolda ýer tygşytlar ýaly, ýygnap bolýar.

Klawiaturanyň özüniň ykjam dizaýny bar, sag tarapyndaky sanly NUM-blogy aýrylan.Mozi noutbugy Dolby Atmos goldawly audioulgam we barmak yzlaryny alýan oturtma skaner bilen enjamlaşdyrylan.Häzirlikçe noutbuk diňe konseptual işläp taýýarlaýyş görnüşinde bolany sebäpli gurluşyň has takyk tehniki häsiýetnamasy aýan edilmeýär. Şeýle gajetiň çen bilen haçan satuwa çykjagy hem habar berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Detal ýetmezçiligine garamazdan, dünýäniň noutbuk bazary ösmegini dowam edýär
Täze çempion
2-nji gezek çempionlyk gazanan 17-nji sürüji
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmentel 2024: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
Kompýuter satuwy artdy