Detal ýetmezçiligine garamazdan, dünýäniň noutbuk bazary ösmegini dowam edýär

Detal ýetmezçiligine garamazdan, dünýäniň noutbuk bazary ösmegini dowam edýär

Strategy Analytics kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginde dünýä noutbuk bazaryndaky gözleglerini jemledi. Analitikler elektron bölekleriniň ýetmezçiligine we logistika kynçylyklaryna garamazdan, noutbuklaryň üpjünçiliginiň artýandygyny belleýärler. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Noutbuk üpjünçiligi geçen ýyl 8% artyp, 66,8 million birlige ýetdi. Premium-klas enjamlaryna we oýun derejeli modellere has ýokary isleg hasaba alyndy.

Noutbuk öndürijileriniň dünýä sanawynda hytaýly Lenovo bassyr dördünji çärýekde birinji orny eýeledi. Geçen çärýekde kompaniýa 15,3 million enjam satdy, bu bolsa bazaryň 23%-ni emele getirýär.

Ikinji orunda 14,3 million birlik üpjünçiligi bilen pudagyň 21 göterimini eýelän HP ýerleşýär. Dell bolsa üçünji orny eýeleýär, ol 12,2 million birlik we 18% netije görkezdi. Ondan soň Apple we ASUS gelýär, olar bazaryň 10% we 8%-ini eýeläp, üç aýyň dowamynda, degişlilikde, 6,5 million we 5,1 million noutbuk satdylar.

Ilkinji bäşlikde HP-den başga ähli öndürijiler ýyllyk esasda iberilişiň köpelendigini görkezdiler. Şeýle hem, Dell noutbuklaryň iberilişini birbada 50% artdyrmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy
2022-nji ýylyň birinji çärýeginde global PK üpjünçiligi pese gaçdy
Türkmenistanda HP we Lenovo noutbuklaryny 15%-e çenli arzan almak mümkinçiligi döredildi
Günbatar Ýewropada noutbuk satuwy dörtden bir peseldi
Dünýäde şahsy kompýuterleriň satuwy III çärýekde rekord derejede peseldi
Global kompýuter satuwy pese gaçdy