Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy

Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýan “Emmy

Primtime” baýraklarynyň 72-nji gowşurylyş dabarasy Los Anjelesdäki “Staples

Center”-de geçirildi. Jimmi Kimmeliň alyp baran dabarasyna az sanly tomaşaçy,

şol sanda baýraga mynasyp bolanlaryň köpüsi teleköpri arkaly gatnaşdy.

Dabarada “Schitt’s Creek” teleserialy iň gowy

komediýa serialy diýlip saýlandy. “Pop TV” telekanalynda ýaýlyma berilýän bu

komediýa jemi 7 ugurda “Emmy” heýkeljiklerini alyp, rekordyň eýesi boldy.

Serialyň artistleri Katerina O’Hara komediýa seriallarynyň iň gowy aktrisasy,

Ýujin Lewi iň gowy aktýor, Den Lewi ikinji plandaky iň gowy aktýor hem-de Enni

Mörfi ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýraklaryna laýyk görüldi.

HBO kanalynyň önümi bolan “Succession” (“Miras

düşerler”) iň gowy drama serialy diýlen ugurda “Emmy” heýkeljigini eýeledi.

Serial jemi 5 baýrak gazandy. Serialda baş keşbi janlandyrýan Jeremi Strong

drama seriallarynyň iň gowy aktýory baýragy bilen sylaglandy. Ýaş aktrisa

Zendaýa “Euphoria” serialyndaky keşbi üçin drama seriallarynyň iň gowy

aktrisasy diýlip saýlandy. Mark Ruffalo (“I Know This Much Is True) bilen

Rejina King (“Watchmen”) degişlilikde, gysga göwrümli seriallaryň ýa-da

filmleriň (telefilmler) iň gowy aktýory we aktrisasy baýraklaryna laýyk

görüldi. Billi Krudrup “(The Morning Show”) bilen Julia Garner (“Ozark”) bolsa

drama serillarynyň ikinji plandaky iň gowy aktýory we aktrisasy diýlen

ugurlarda tapawutlandy.

“Watchmen” serialynyň gysga göwrümli iň gowy serial

saýlanan dabarasynda “RuPaul’s Drag Race” iň gowy bäsleşik programmasy,

şeýle-de, “Last Week Tonight with John Oliver” gepleşigi iň gowy “Variety Talk”

efiri diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
90-njy Oskar dabarasynyň alypbaryjysy Jimmi Kimmel
Täze Filmler
Oskardan täzelik bar
“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy
Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar