Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar

Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar

Şowhunly telegepleşikleriň alypbaryjysy Jimmi Kimmel Amerikanyň kinoakademiýasynyň Oskar baýragynyň 95-nji gezek gowşurylyş dabarasyny alyp barar. Bu barada New York Times gazeti Kimmeliň öz beýanatyna salgylanyp habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Kimmel dabarany ýeke özi alyp barar. Soňky ýyllarda Oskar baýragynyň gowşurylyşlary alypbaryjysyz, käte üç alypbaryjyly geçirilipdi.

Oskary üçünji gezek alyp barmaga çakylyk hem abraý, hem-de duzak diýip hasaplaýaryn. Emma her niçigem bolsa, men bu işi beýleki akylly-başly adamlar ýüz öwrenden soňra Akademiýanyň özüme teklip edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin diýip, Jimmi Kimmel degişdi.

ABC teleýaýlymynyň meşhur alypbaryjysy Oskar kino baýragynyň dabaralaryny 2017 we 2018-nji ýyllarda alyp barypdy.

Bu gezekki baýragyň gowşurylyşy ABC teleýaýlymynda geljek ýylyň 12-nji martynda görkeziler.

Ýene degişli makalalar

Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
Oskar kino baýraklary gowşuryldy
“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy
Oskaryň alypbaryjysy belli boldy
12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi