12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda Oba hojalyk ministrligi üýtgedilip gurlar, Aşgabadyň günortasynda, takmynan, 25 sany daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkeli oturdylar, türkmen wekiliýeti Dubaýyň we Abu-Dabiniň şäher gurluşygy ulgamyndaky tejribesini öwrener we beýleki habarlar

Türkmenistan 1.Türkmenistanyň Prezidenti Oba hojalyk ministrligini üýtgedip gurmak hakynda Permana gol çekdi.Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda birnäçe täze pudaklaýyn dolandyryş edaralary: Türkmengallaönümleri döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenpagta döwlet konserni hem-de Türkmenobahyzmat döwlet birleşigi döredildi. 2.

Aşgabadyň günortasyndaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginden başga-da, daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri oturdylar.Dalaşgärleriň arasynda Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň görnükli söz ussatlary bar. 3.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurduň wekiliýeti Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gulluk iş saparyna ugradyldy.Resminama Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen gol çekildi. 4. 2024-nji ýylda Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine, welaýatlaryň häkimliklerine we beýleki edaralara nahallaryň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 5.Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. 6.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahasyny has-da ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.Dünýäde 7.Fransiýadaky Sena-Port kommunasynyň raýatlary referendumda köpçülik ýerlerinde smartfonlaryň ulanylmagyny gadagan etmek hakyndaky düzgüni goldadylar.

Enjamlary diňe jaňlaşmak üçin ulanyp bolar.Köçede gezelençe, seýilgähde dynç alnanda, dükanlarda, kafelerde, restoranlarda, şeýle hem çagalarynyň mekdepden çykmagyna garaşýan ene-atalara telefonlary ulanmak gadagandyr.Ugurlary kesgitlemek üçin onlaýn kartalaryň ýerine, geçip barýanlardan soramak maslahat berilýär. 8.

Meşhur aýdymçy Dua Lipa muşaklary bilen gelejek üçin ägirt uly meýilnamalaryny paýlaşdy.Ol üçünji studiýa albomy üçin 97 aýdym ýazandygyny habar berdi.Lipa ähli aýdymlary adaty kagyz depderine el bilen ýazypdyr, ol muny Jimmi Kimmel göni ýaýlymda atly gepleşikde buýsanç bilen görkezdi.

Sport habarlary 9.Aşgabadyň Altyn asyr futbol topary Moskwanyň Lokomotiw topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdy diýip, Russiýanyň futbol toparynyň metbugat gullugy habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, synag oýny BAE-de gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçiriler.

Duşuşygy 16-njy fewralda geçirmek meýilleşdirilýär.Oýun Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar. 10.Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Rustam Emomali Rahmon Birleşen Milletler Guramasyna Bütindünýä futbol gününi resmi taýdan döretmek we degişli Kararnamany kabul etmek hakynda teklip bilen ýüzlendi.

Häzirki wagtda Bütindünýä futbol güni 10-njy dekabrda resmi däl ýagdaýda bellenilýär.

Howar habarlar agentligi Emomaliniň: Futboluň dünýä derejesindäki ähmiýetini ykrar etmegi we Baş Assambleýa tarapyndan degişli Kararnamany kabul edip, BMG-de resmi taýdan Bütindünýä futbol gününi döretmegi teklip edýärin diýip, aýdan sözlerini getirýär.

Ýene degişli makalalar

“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy
Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi
Oskaryň alypbaryjysy belli boldy
Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
Oskar kino baýraklary gowşuryldy