Oskaryň alypbaryjysy belli boldy

Kino dünýäniň iň uly sylagy bolan Oskar baýraklarynyň nobatdaky gowşurylyş dabarasynyň alypbaryjysy belli boldy. 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriljek 96-njy Akademiýa baýraklaryny belli komediýaçy, “talk-show” ýyldyzy Jimmi Kimmel alyp barar. 4-nji gezek dabarany alyp barjak Jimmi Kimmel ilkinji gezek 2017-nji ýylda-da Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynyň alypbaryjysy bolupdy. Şol ýyl iň gowy film baýragyň ady ýazylgy bukjada ýalňyşlyk bilen “La La Lend” (La La Land) filminiň ady ýazlypdy.

Baýragy bolsa “Üns merkezinde” (Spotlight) filmi gazanypdy.Jimmi Kimmeliň alyp baran şu ýylky dabarasynda “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once) filmi iň gowy film saýlanypdy.

Jimmi Kimmel 2018-nji ýylda-da dabaranyň alyp baryjysy bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
Oskar kino baýraklary gowşuryldy
12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi
Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar
“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy