Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar

Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar

Amerikaly wäşi we teleýaýlymda Jimmi Kimmel göni ýaýlymda atly öz hususy şowhunyny alyp baryjy Oskar kinobaýragynyň 96-nji gezek gowşurylyş dabarasyny alyp barar. Bu barada Amerikanyň kino akademiýasyna salgylanýan The Guardian neşiri habar berdi diýip, Mail.ru ýazýar.

Kimmel öň hem bu dabaranyň 2017, 2018 we 2023-nji ýyllarda alyp baryjysy bolupdy.

Dabaranyň ýerine ýetiriji prodýuserleri Raj Kapur we Keti Mallan Kimmeliň Oskar kinobaýragynyň gowşurylyş dabarasyny iň oňat alyp baryjylaryň biri hökmünde özüni tanadandygyny habarçylara gürrüň berdiler. Onuň şowhuny alyp barşynda adamkärçiligi we degişgenligi tomaşaçylary özüne çekýär diýip, olar nygtadylar.

Amerikanyň Kinematografiýa sungatlary we ylmy akademiýasynyň hasabatyna görä, Jimmi Kimmel soňky gezek baýragyň gowşurylyş dabarasyny alyp baranda, şowhuna rekord derejedäki 18,7 million adam tomaşa edipdir.

96-njy Oskar dabarasy ABC teleýaýlymynda 2024-nji ýylyň 10-njy martynda göni ýaýlymda görkeziler. Dabara Los-Anjelesdäki Dolbi teatrynda geçer.

Ýene degişli makalalar

Oskar kino baýraklary gowşuryldy
“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy
Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar
Oskaryň alypbaryjysy belli boldy
12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi