“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy

“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy

“Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 25-nji aprelde birbada birnäçe ýerden, şol sanda Golliwudyň rowaýaty Dolby Theatre teatryndan ýaýlyma berler diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bir dabarany birbada birnäçe ýerden ýaýlyma bermek tejribesi geçen ýylyň sentýabr aýynda “Emmi” baýraklarynyň guramaçylary tarapyndan synag edilip görüldi. Alyp baryjy Jimmi Kimmel Los-Anželesdäki Staples Center-den alyp bardy we baýragyň ýeňijileri hem-de oňa dalaşgärler dürli ýerlerden ýaýlyma birikdiler.

Munuň nädip amala aşyryljakdygy baradaky giňişleýin maglumatlary guramaçylaryň birneme soň mälim etjekdigi aýdylýar. Şonuň bilen bir hatarda, dabaranyň “ABC” ýaýlymynda alnyp görkeziljekdigi bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar
Oskar kino baýraklary gowşuryldy
Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
90-njy Oskar dabarasynyň alypbaryjysy Jimmi Kimmel
Täze Filmler
Oskardan täzelik bar