Oskar kino baýraklary gowşuryldy

Oskar kino baýraklary gowşuryldy

12-nji martda Amerikanyň kinoakademiýasynyň Oskar baýragynyň 95-nji gezek gowşurylyşy boldy. Däp bolşy ýaly, dabara Los-Anjelesdäki Dolby teatrynda geçdi, ony ABC teleýaýlymy göni alyp görkezdi. Dabaranyň alypbaryjysy Jimmi Kimmel boldy.

Baýragyň esasy ýeňijisi Ählisi hemme ýerde we birbada atly fantastiki drama filmi boldy, ol ýedi ugur boýunça ýeňijiligi gazandy, şol sanda Iň oňat film, Iň oňat režissýor, Ikinji plandaky iň gowy keşpleri ýerine ýetirenler we Iň oňat aktrisa ugurlary boýunça baýraklary gazandy.

Iň oňat aktýor diýlip, Läheň filminde baş keşbi janlandyran aktýor Brendan Freýzer, iň oňat aktrisa diýlip, Ählisi hemme ýerde we birbada atly filmde çykyş eden Mişel Ýeo yglan edildi. Iň oňat animasion film ugry boýunça Gilýermo del Toronyň Pinokkiosy atly ýeňiş gazandy.

Iň oňat daşary ýurt dilindäki film diýlip, Germaniýanyň Günbatar frontda asudalyk filmi yglan edildi.

GRR: Golaýda rewolýusiýa arlaýar (Hindistan) filmi Naatu Naatu aýdymy üçin iň oňat aýdym ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
Jimmi Kimmel Oskar kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar
“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy
Oskaryň alypbaryjysy belli boldy
90-njy Oskar dabarasynyň alypbaryjysy Jimmi Kimmel
Täze Filmler