Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

Los-Anželesde sungat işgärlerine aýdym-saz pudagynda gazanan üstünlikleri üçin her ýyl gowşurylýan Billboard Music Awards-yň ýeňijileri yglan edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Baýragyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi kanadaly aýdymçy The Weeknd (Eýbel Tesfaýe) boldy. "Kör yşyklar" ("Blinding lights"), "Birnäçe sagatdan soň" ("After hours") aýdymlarynyň ýerine ýetirijisi esasy kategoriýalarda on sany "altyn mikrofon" aldy.

Olaryň hatarynda "Iň gowy aýdymçy", "Iň gowy erkek aýdymçy" we "Hot 100 reýtinginiň iň gowusy" ýaly baýraklar bar.Baýraklarynyň sany boýunça ikinji orny "Iň gowy täze aýdymçy" ýaly bäş ugurda tapawutlanan repçi Pop Smoke (Başar Jekson) eýeledi.

Sazanda 2020-nji ýylyň fewralynda aradan çykypdy, onuň ýerine baýraklary dogany Obasi Jekson we ejesi Odri almaly boldy.Günorta Koreýanyň BTS toparynyň agzalary, şeýle hem Bad Bunny lakamy bilen tanalýan puerto-rikoly aýdymçysy Benito Okasio - bularyň hersi dört heýkelden aldylar.

Zenan aýdymçylaryň arasynda bu ýyl Teýlor Swift ("Iň oňat zenan aýdymçy" we "Billboard 200 çartynda iň gowusy" ugurlary boýunça baýraga mynasyp boldy) we "Tans aýdymlary boýunça iň gowy aýdymçy" we "Iň gowy tans albomy" ("Hromatika" ýygyndysy) ugurlary boýunça tapawutlanan Ledi Gaga öňe saýlandy. Ýörite baýraklaryň ýeňijileri hökmünde bolsa repçi Dreýk (ony “Onýyllygyň aýdymçysy” diýip atlandyrdylar) we "Ikona" ugry boýunça baýrak alan aýdymçy Pink ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
Apple Music ýylyň iň meşhur aýdymlaryny we aýdymçylaryny saýlady
BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy
Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi
The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy
Maýkl Jeksonyň şlýapasy Fransiýada auksiona çykarylar