“Time” Günorta Koreýanyň BTS toparyny ýylyň artisti diýip atlandyrdy

“Time” Günorta Koreýanyň BTS toparyny ýylyň artisti diýip atlandyrdy

Günorta Koreýanyň BTS K-pop toparynyň agzalary, “Time” amerikan žurnalynyň habaryna görä, ýylyň artisti boldy. Neşiriň saýtynda bu toparyň aýdym-saz reýtinglerinde iň üstünlikli K-pop toparydygy bellenilýär. Şeýle-de, žurnalistleriň pikiriçe, topar dünýäde hem üstünlige eýe boldy diýip, mymsk.online belläp geçýär.

Toparyň agzalary koronawirus pandemiýasyna garamazdan, muşdaklary bilen aragatnaşygy sakladylar.Koronawirus lokdauny ýylynda BTS täze relizleri çykardy, Billboard çartynda birinji orny eýeledi we onlaýn konsertleri geçirdi. 2020-nji ýylyň iýun aýynda topar ekranyň öňünde 765 müň tomaşaçyny ýygnady.

Olaryň “Bang Bang Con: The Live” konserti dünýäde iň uly onlaýn çykyşy boldy.BTS-iň muşdaklarynyň sany 50 mln töweregi.YouTube-da toparyň wideosyna 13 milliard gezekden hem köp tomaşa edildi, Dynamite aýdymy üçin wideo bir günüň içinde 101 million gezek tomaşa edildi. Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylda Time BTS-i ýylyň iň abraýly 100 adamynyň sanawyna girizdi.

Häzir topar “Gremmi” baýragyna dalaşgär hödürlenildi.Munuň täze “Dynamite” aýdymynyň çykmagy bilen baglanyşyklydygyny bellemelidiris.Bu toparyň iňlis dilindäki ilkinji kompozisiýasy. Ýaňy-ýakynda BTS “BE” ady bilen täze albomyny hödürledi.

Ýene degişli makalalar

Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
Madonna 60 ýaşady
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
6 ýyldan soň, 8-nji albomyny çykarar
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Bilesiň gelýärmi? gepleşiginde Gremmi barada gürrüň berilýär