Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy

Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy

Gazagystanly DJ Imanbek Zeýkenow "Ýylyň iň gowy remiksi" ugry boýunça "Gremmi" baýragyny aldy. Baýrak oňa repçi Saint Jhn-yň "Roses" kompozisiýasyny gaýtadan işländigi üçin berildi. Bu barada baýragyň resmi web sahypasyna salgylanyp, Interfax habar berdi.

"Kiçijik" nominasiýalarda ýeňijilere berilýän baýraklar esasy 63-nji Grammy baýraklaryndan öň gowşuryldy.Amerikaly repçi Sent Jhn-yň "Roses" aýdymy 2016-njy ýylda çykdy we ünsden düşürildi.Gazagystanly sazanda Imanbek Zeýkenow aýdymyň tans remiksini döretdi, remiks YouTube-da millionlarça gezek tomaşa edildi, “Shazam” dünýä çartyna we Amerikanyň “Billboard” çartyna girdi.

Zeýkenow üstünlik gazanandan soň, Russiýanyň “Effective Records” ses ýazgy kompaniýasy onuň bilen şertnama baglaşdy.Imanbek "Gremmi" baýragyny alan ilkinji gazagystanly boldy.

Ýene degişli makalalar

Gremmi Baýraklarynyň Gowşurlyş Dabarasy Yza Süýşürildi
Ýewrowideniýe 2022-niň alypbaryjylary belli boldy
“Gremmi” baýraklarynyň täze eýeleri belli boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýadan gelýän howa gatnawlary üçin täze töleg ulgamlaryny (tarif) girizýär, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda Daşkent seýilgähini açarlar, türkmen talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimp
Los-Anjelesde Gremmi baýraklary gowşuryldy