“Gremmi” baýraklarynyň täze eýeleri belli boldy

“Gremmi” baýraklarynyň täze eýeleri belli boldy

Aýdym-saz sungaty ugrundan berilýän “Gremmi” baýraklarynyň şu ýyl üçin ýeňijileri belli boldy, Silk Sonic ikiliginiň (Bruno Mars we Anderson Paak) “Leave The Door Open” atly kompozisiýasy ýylyň iň gowy aýdymy diýlip yglan edildi. Bu hakynda INTERFAX.RU ýazýar.

Täze ýerine ýetirijileriň iň gowulary hökmünde Drivers License aýdymy üçin 18 ýaşly aýdymçy gyz Oliwiýa Rodrigo ykrar edildi. Ol baýragyň gowşurylyşynda eden çykyşynda özüniň ömür arzuwynyň hasyl bolandygyny belledi. Ol öňem bu baýraga ýekelikde iň gowy çykyş üçin diýen ugur boýunça eýe bolupdy. Baýragyň rep ugry boýunça Kanýe Uest we Jay-Z ýeňiji boldular.

ABŞ-nyň Ses ýazyjy studiýalarynyň akademiýasy tarapyndan gowşurylýan 64-nji dabara düýn ýurduň Las-Wegas şäherinde geçdi.

“Gremmi” baýraklary her ýyl 86 ugur boýunça sazyň dürli görnüşleri we saz telekeçiliginiň ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin gowşurylýar.

Ýene degişli makalalar

66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Ýunus Emre Ýyly
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Gremmi baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy yza süýşürildi