Madonna 60 ýaşady

Pop aýdym-sazynyň şa zenany diýlip görkezilýän amerikaly aýdymçy Madonna 60 ýaşady. 1970-nji ýyllaryň ahyrlarynda meşhurlyk gazanyp başlan dünýä belli aýdymçy 1958-nji ýylyň 16-njy awgustynda ABŞ-nyň Miçigan ştatynda dünýä inýär.

Edýän tanslary, gopgunly hereketleri bilen mydama üns merkezinde bolan aýdymçy “Like a Virgin”, “La Isla Bonita”, “Like a Prayer”, “Vogue”, “Take a Bow”, “Frozen”, “Music”, “Hung Up”, “4 Minutes” ýaly onlarça ilhalar aýdymy ýerine ýetirdi.

Ol “Madonna” (1983), “Like a Virgin” (1984), “True Blue” (1986), “Like a Prayer” (1989), “Bedtime Stories” (1994), “Ray of Light” (1998), “Music” (2000), “American Life” (2003), “Hard Candy” (2008), MDNA (2012), “Rebel Heart” (2015) ýaly jemi 13 sany studiýa albomyny döretdi.

Onuň bu albomlarynyň 300 million nusgasy satylyp, ol iň köp albomy satyn alnan zenan aýdymçydyr.Madonna umumy sanawda-da The Beatles, Elwis Presli we Maýkl Jeksondan soň, 4-nji hatarda barýar.

Birnäçe kinoda surata düşen Madonna 2 sany filme režissýorlyk hem etdi. “Gremmi” baýraklarynyň 7-sini gazanan Madonnanyň 2 sany “Altyn globus” heýkeljigi-de bar. 5 sany “Billboard” heýkeljiginiň-de eýesi bolan Madonna karýerasy boýunça 300-e golaý baýrak gazandy. “Billboard”-yň “Hot 100” we “Hot 200” sanawlarynda ençeme hepdeläp öňdäki orunlary saklan aýdymçy konsert turlaryndanam iň köp girdeji gazanan sungat işgärleriniň biridir. 1985-nji ýylda Şonn Penn bilen (1989-njy ýyla çenli), 2000-nji ýylda-da Gaý Ritçi bilen durmuş guran Madonnanyň 6 çagasy bar. Äden ädimi habar bolýan Madonna dünýäniň onlarça ýurdunda konsert programmalary bilen häli-şindi çykyş edip durýar.

Ýene degişli makalalar

63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
6 ýyldan soň, 8-nji albomyny çykarar
Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
“Time” Günorta Koreýanyň BTS toparyny ýylyň artisti diýip atlandyrdy
Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi