Adel kino sungatyna aralaşýar

Angliýaly aýdymçy zenan Adel Adkins ilkinji gezek filmde surata düşmäge hyýallanýar.Gremmi we Oskar baýraklarynyň eýesi, 29 ýaşly aýdymçy “Oliver!” diýen sazly filmde esasy keşpleriň birini janlandyrar.

Ol 1968-nji ýyllaryň wakalary barada gürrüň berýän kinoda Nensiniň keşbinde surata düşer. Çarlz Dikkensiň meşhur eseri “Oliwer Twist” esasynda ekranlaşdyryljak filme “Doctor Who”, “Sherlock”, “Being Human” ýaly teleseriallar bilen adygan Tobi Haýnes režissýorlyk eder.

Filmiň prokata goýberiljek wagty häzirlikçe belli däl.

Ýene degişli makalalar

6 ýyldan soň, 8-nji albomyny çykarar
Soul aýdym-sazynyň ägirdidi
Madonna 60 ýaşady
“Altyn globus” we “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
62-nji “Gremmi” baýraklary gowşuryldy
Dünýä habarlary gysga setirlerde