62-nji “Gremmi” baýraklary gowşuryldy

Aýdym-saz äleminiň iň uly sylagy bolan “Gremmi” baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri belli boldy. Şol mynasybetli Los Anjelesdäki “Staples Center” arenada geçirilen dabarada ýaş aýdymçy gyz Billie Eiliş rekord goýdy. 18 ýaşly aýdymçynyň “Bad Guy” atly aýdymy ýylyň ýazgysy hem-de ýylyň aýdymy baýraklaryna laýyk görüldi.

Onuň “When We All Fall Asleep, Where Do We Go?” atly albomy-da ýylyň albomy hem-de ýylyň “pop” albomy diýlip saýlandy. Ýylyň täze aýdymçysy baýragyny hem alan Billie Eiliş jemi 5 “Gremmi” heýkeljigini eýelemegi başardy. Şeýlelikde, ol bir dabarada 4 uly baýragy (ýylyň ýazgysy, ýylyň aýdymy, ýylyň albomy, ýylyň täze aýdymçysy) alan ilkinji aýdymçy boldy.

Iň köp ugurda dalaşgär görkezilen amerikaly aýdymçy zenan Lizzonyň “Truth Hurts” atly aýdymy ýylyň iň gowy “pop” aýdymy diýlen ugurda “Gremmi” bilen sylaglandy.Onuň “Jerome” atly aýdymy bolsa, iň gowy nusgawy “R&B ýerine ýetiriş” ugry boýunça öňe saýlandy.

Tanymal aýdymçy Alişia Kiýziň alyp baran dabarasynda başga-da onlarça ugur boýunça “Gremmi” heýkeljikleri ýeňiş gazanan aýdymçydyr toparlara gowşuryldy.Dabaranyň dowamynda meşhur aýdymçylar özleriniň ilhalar aýdymlary bilen çykyş edip, şol ýere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Ýene degişli makalalar

66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Jon Batiste we Jastin Biber Gremmi baýragyna dalaşgärleriň öňüni çekýärler
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy
Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi