Post Malone, Billie Eillish “Billboard 2020” baýraklarynyň ýeňjileri

Dünýäniň iň abraýly aýdym-saz

baýraklarynyň biri “Billboard”

aýdym-saz baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi. Şol mynasybetli Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçirilen dabarany Kelli Klarkson alyp bardy. Aslynda, adatda, aprel

aýynda geçirilmeli dabara dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli soňa

süýşürilipdi. Dabarada iň köp baýragy Post Malone alyp, ol 9 ugurda ýeňiji boldy. Meşhur

repçi 16 ugur boýunça dalaşgärlige hödülenipdi. Ol dabaranyň baş baýraklaryndan iň

gowy aýdymçy, iň gowy erkek aýdymçy, “Billboard 200 Artist”, “Hot 100 Artist”, “Streaming

Songs Artist”,

şol sanda iň gowy rep

aýdymçysy, iň

gowy erkek repçi, iň gowy rep “tour”, iň gowy rep albomy ugurlary boýunça-da “Billboard” heýkeljiklerine laýyk görüldi. Tanymal aýdymçy Khalid hem dabaranyň köp baýrakly

aýdymçylaryndan boldy. Aýdym-saz sungatynyň R&B görnüşiniň

ussady hasaplanýan Khalid R&B ugruna degişli iň gowy aýdymçy, iň

gowy “tour, iň gowy erkek aýdymçy, iň

gowy albom, iň gowy aýdym baýraklary bilen sylaglandy. Ýylyň parlak

ýyldyzlaryndan Billie Eillish bolsa,

iň gowy täze aýdymçy, iň gowy zenan aýdymçy ýaly esasy sylaglara mynasyp

görüldi. Onuň “When

We All Fall Asleep, Where Do We Go?” atly albomy-da “Billboard 200 Album” baýragynyň ýeňijisi boldy.

Ýaş aýdymçy Lil Nas X-iň Billi Reý Saýrus bilen bilelikde ýerine ýetiren “Old Town Road” atly aýdymy “Hot 100 Song”, iň köp satylan aýdym, iň köp

ýaýlyma goýberilen aýdym hem-de iň gowy rep aýdymy ýaly ugurlarda ýeňiş gazandy. Şeýle-de Lizzo, Jonas Brothers, BTS, Pink, Summer Walker, Luke Combs, Maren Morris, Elton Jon, Kanye West, Dan+Shay, Tool, Cardi B ýaly aýdymçydy toparlar hem beýleki

dürli ugurlarda Billboard

baýraklaryna

mynasyp boldy.

Ilkinji gezek 1990-njy ýylda berlen “Billboard” baýraklary bu ýyl 27-nji sapar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi
Roždestwo aýdymyndan köp girdeji gazandy
Albom çykmazdan, rekord goýdy
Aýdymçy The Weeknd dünýäde iň meşhur artist diýlip yglan edildi
6 ýyldan soň, 8-nji albomyny çykarar
Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar