Türkmenistanly tälimçileriň 14-si ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe boldular

Türkmenistanly tälimçileriň 14-si ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe boldular

Türkmen tälimçileriniň 14-si tennis boýunça başlangyç we orta derejeli türgenleri türgenleşdirmäge hukuk berýän ITF Level 1 halkara hünär derejesini aldylar. Degişli şahadatnamalar Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Halkara tennis federasiýasy (ITF) arapyndan geçirilen okuw maslahatynyň ahyrynda eýelerine gowşuryldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

14 günlük okuw maslahatyň dowamynda sapaklar HTF-iň Polşaly bilermeni Petr Unežiski tarapyndan geçirildi. Okuw meýilnamasy nazary we amaly synaglary öz içine alyp, olary üstünlikli tabşyran tälimçiler ITF Level 1 şahadatnamasyna mynasyp boldular.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Tennis federasiýasy sport ussady, birnäçe halkara we milli derejeli ýaryşlaryň ýeňijisi, Dewisiň Kubogyny we Billi Jing King Kubogyny geçirmek boýunça HTF-niň prezidentiniň ýanyndaky halkara iş toparynyň agzasy Eziz Döwletowyň ýolbaşçylygynda tälimçileriň bilimlerini we ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär.

Netijede häzirki wagtda Türkmenistanda çagalar we başlangyç derejeli türgenler bilen işlemäge ukyply bolan ITF Play Tennis okuw kursyny tamamlan ýörtie şahadatnama eýe bolan tälimçileriň 40-dan gowragy bar. ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe bolan tälimçileriň sany bolsa 18-e ýetdi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2021-nji ýyly üstünlikli jemledi
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Billi Jin King kubogyna gatnaşýar
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy