Türkmen tennisçileri öz atlaryny taryha ýazmaklaryny dowam edýärler.Olar 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmäge ilkinji gezek hukuk aldylar. Ýaryş 16 24-nji maý aralygynda Gazagystanyň Şimkent şäherinde Aziýa sebitiniň iň gowy 16 toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler.
Bu barada Halkara tennis federasiýasy habar berip, şu ýylyň martynda Kolomboda geçirilen ýaryşyň deslapky tapgyrynda eden çykyşlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň toparyny bu abraýly ýaryşyň saýlama ýaryşlarynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga çagyrdy.
Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) howandarlygynda Aziýanyň tennis federasiýasy bilen bilelikde Şri-Lankanyň paýtagtynda geçirilýän DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying ýaryşyna toparlaryň 15-siniň gatnaşandygyny ýatlap geçmek gerek.Altynjy belgi bilen çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew hem-de A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew wekilçilik etdiler. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynda biziň toparymyzyň kapitanynyň wezipelerini Türkmenistanyň sport ussatlygy ýokary mekdebiniň 31 ýaşly tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Kubogy 2024 ýaryşynyň bürünç baýragynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew ýerine ýetirdi.
Birinji tapgyrda watandaşlarymyz Omanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip hem-de meňzeş 2:1 hasabynda Mýanmanyň we Singapuruň toparlaryndan (2-nji belgi) ýeňiş gazanyp, B toparçasynda birinji orun eýelediler.
Türkmen ýetginjekleri çärýek finalda bäşinji belgide çykyş eden filippinli deň-duşlaryndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar we taryhda ilkinji gezek ýaryşyň iň gowy toparlarynyň ilkinji dörtlügine girdiler.Türkmenistanyň wekillerinden başga-da, Şimkentde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň esasy ýaryşy Aziýa final tapgyryna ýollanmalaryň 4-si ugrunda Awstraliýanyň, Hytaýyň, Hytaý Taýbeýiniň, Hytaý Gonkongynyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Tailandyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Wýetnamyň we Şri-Lankanyň toparlary bäsleşerler. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara tennis federasiýasy tarapyndan 16 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Dünýä Kubogy hökmünde 1985-nji ýylda girizildi, 2002-nji ýylda bolsa häzirki adyna üýtgedildi.
Her ýyl dürli ýurtlar sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşyp, olaryň ýeňijileri finala çykmak bilen çempion adyna eýe bolmak ugrunda bäsleşýärler. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşynyň Çehiýanyň Prosteýow şäherinde 3 8-nji awgust aralygynda geçiriljek final tapgyry çempion derejesini almak üçin ähli yklymlardan 16 sany iň gowy toparlar: Ýewropadan 6, Aziýadan 4, şeýle hem Demirgazyk Amerikanyň, Günorta Amerikanyň we Afrikanyň hersinde 2 toparlar güýç synanyşarlar.
Geçen 2025-nji ýyl türkmen tennisçileri üçin örän üstünlikli boldy.Ferganada 12 ýaşa çenli Merkezi Aziýa ýaryşynda gyzlaryň topary Özbegistanyň ozallar ýeňilmezek ýygyndy toparyndan üstün çykyp, Singapurda ilkinji gezek Aziýanyň 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparlaýyn ýaryşynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Kolomboda geçirilen Billie Jean King Cup (Group III Asia/Oceania) sebitleýin ýaryşynda ikinji orun eýeledi.Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary bolsa Türkiýäniň Manawgat şäherinde geçirilen ITF Master’s World Team Championship abraýly ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşyp, dünýäniň iň güýçli sekiz toparlarynyň hataryna goşuldy hem-de bu üstünligi Watanymyzyň tennis taryhyna ýazdy.
Türkmen tennisçileriniň Bahreýnde geçirilen Dewisiň Kubogynyň sebitleýin saýlama ýaryşynda gazanan täze uly üstünligi hem ajaýyp waka öwrüldi. С toparçada ýeňiji bolup, soňra bolsa Guamyň toparynyň garşysyna 3:0 hasabynda utulan-çykdy duşuşygynda ynamly ýeňip, biziň ildeşlerimiz Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda çykyş etmäge ýollanmany gazandylar, olar 2026-njy ýylda çykyş ederler.
Ine, indi bolsa türkmen sportunyň taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypa ýazylyp, ol 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda biziň tennis toparymyzyň ilkinji gezek çykyş etjekdigini alamatlandyrýar.
