Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde dowam edýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagyndaky saýlama ýaryşlarynda türkmen tennisçileri çärýek finala çykmagy başardylar.Ildeşlerimiz yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazanyp, bu üstünlige möhletinden öň eýe boldular. Ýaryşyň birinji tapgyrynda B toparçada altynjy belgi bilen çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy topary Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Şu gün bolsa olar Mýanmanyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar.
Bu duşuşyk biziň türgenlerimiz üçin aňsat düşmedi. 1 sagat 44 minut dowam eden ilkinji ýekelikdäki duşuşykda Süleýman Hudaýberdiýew taý-breýkde Phi Sar Seýden 3:6, 6:7(5) hasabynda asgyn geldi.
Ikinji duşuşykda Aly Geldiýew 1 sagat 10 minudyň dowamynda Da Wuny 6:4, 6:1 hasabynda ýeňip, hasaby deňlemegi başardy (1:1).Oýnuň ykbaly 1 sagat 24 minut dowam eden jübütleýin duşuşykda çözüldi.
Birinji setde Aly Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýew Phi Sar Seýden we Da Wudan 4:6 hasabynda utuldylar.Ikinji setde 6:3 hasabynda ýeňmegi başaran tennisçilerimiz, üçünji çözüji setde bolsa naýbaşy taý-breýkde 10:7 hasabynda ýeňşi gazandylar.
Bu toparyň ikinji ýaryş gününiň beýleki duşuşygynda ikinji belgi bilen çykyş edýän Singapuryň topary Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, ol hem möhletinden öň çärýek finala çykmaga hukuk gazandy.
Jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň we Singapuryň ýetginjekleri özara duşuşykda haýsy toparyň utulan-çykdy tapgyryna birinji, haýsynyň bolsa ikinji orun bilen çykjakdygyny kesgitlärler.Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) bilen bilelikde guramagynda geçirilýän DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying ýaryşyna 15 sany topar gatnaşýar.
Olar birinji tapgyrda 4 topara bölündiler.Beýleki toparçalardaky 2-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri: A toparça: Şri-Lanka Saud Arabystany 3:0; C toparça: Malaýziýa Laos 2:1, Guam Filippinler 0:3; D toparça: Wýetnam Mongoliýa 3:0, Nepal Okeaniýa 0:3.
Bu duşuşyklardan soňra Türkmenistanyň we Singapuryň ýygyndylary bilen bir hatarda Şri-Lankanyň (1-nji belgi), Malaýziýanyň (4-nji belgi), Filippinleriň (5-nji belgi), Wýetnamyň (3-nji belgi) we Okeaniýanyň (7-nji belgi) toparlarynyň hem çärýek finala çykandygy belli boldy. Ýatladyp geçsek, ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara tennis federasiýa tarapyndan 1985-nji ýylda 16 ýaşdan uly bolmadyk oglanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy hökmünde döredilip, 2002-nji ýylda häzirki adyna eýe boldy.
Her ýyl dürli ýurtlar sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşýarlar we şol ýaryşlaryň ýeňijileri final tapgyrynda çempionlyk ugrunda bäsleşýärler.
