Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Billi Jin King kubogyna gatnaşýar

Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Billi Jin King kubogyna gatnaşýar

Täjigistanyň zenanlar ýygyndysy bilen geçirilýän duşuşyk arkaly Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy şu gün Billi Jin King kubogy ugrundaky halkara ýaryşa girişýär. Biziň ildeşlerimiz ýaryşyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II zolagyna wekilçilik edýärler.

Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa boýunça I zolagyna ýollanma almak üçin 8 ýygyndy iki toparça bölünip ýaryşýar. A toparçany Özbegistanyň, Şri-Lankanyň, Guamyň, Bruneýiň, B toparçany bolsa Pakistanyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň we Täjigistanyň ýygyndylary emele getirdi.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasyndan Turkmenportala habar berlişi ýaly, biziň ýygyndymyza Anastasiýa Azimbaýewa, Merýem Muhammedowa, Bahar Toýmyradowa, Aýşa Bikbulatowa we Rojan Karajaýewa dagylar wekilçililik edýärler.

Milli ýygyndynyň kapitany we baş tälimçisi Türkmenistanyň sport ussady, erkekler milli ýygyndymyzyň agzasy, ITF-niň halkara derejeli tälimçisi Ýuriý Rogusskidir.

Türkmenistanyň wekiliýetine milli derejeli emin, halkara derejeli tälimçi Andreý Dowmatow hem girýär.

Billi Jin King kubogy zenan tennisindäki abraýly halkara ýaryşlaryň biridir. Ýaryş Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan geçirilýär. Bu ýaryş 1963-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Federasiýa kubogy diýlip atlandyryldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa ol amerikaly tennisçi Billi Jin Kingiň ady bilen ebedileşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly zenan tennisçiler Billi Jin King kubogyndaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanly tälimçileriň 14-si ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe boldular
Türkmenistan 4G LTE torunyň sanly hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrmagy dowam etdirýär, Aşgabatda ilkinji gezek rus dili boýunça olimpiada geçiriler, Türkmenistanyň wekilleri BSG-e girmek bilen baglanyşykly okuwlary geçdiler we beýleki habarlar
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2021-nji ýyly üstünlikli jemledi
Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar