Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2021-nji ýyly üstünlikli jemledi

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2021-nji ýyly üstünlikli jemledi

Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde tennis sportuna berilýän üns-alada hem barha ýokarlanýar. Bu bolsa tennis bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanda uly tennisiň çalt ýaýramagynda Tennis federasiýasynyň ähmiýeti uludyr, ol Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde (ITF) uly işler alyp barýar.

Geçen 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda Federasiýa tälimçiler düzümine, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerine sport esbaplaryny tennnis pökgüleriniň 1359-syny, raketkalaryň 40-syny, torlary berdi. Olar uly tennis milli mekdebiniň kämilleşmegine, geljekki türgenleri taýýarlaýan tälimçileriň hünäriniň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Türkmen tennisçileri geçen ýyllaryň dowamynda öz başarnyklaryny görkezip, milli hem-de halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.Biz muňa geçen 2021-nji ýylyň dowamynda hem gazanylan üstünliklere ser salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Meselem, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Bahreýnde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryşda Aziýa we Okeaniýa ýurtlary 4-nji toparda Türkmenistanyň ýygyndysy üç ýeňiş gazanyp, diňe BAE-niň toparyndan ýeňildi.Bäsdeşleri gowşak bolmasa-da, ildeşlerimiz olara mynasyp bäsdeş boldular.

Netijede türkmen ýygyndysy öz toparynda birinji orny eýeledi.

2022-2023-nji ýyllara Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) komitetlerine we komissiýalaryna saýlawlarda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Eziz Döwletow Dewisiň Kubogy we Billi Jin Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşlary geçirmek boýunça ITF-iň prezidentiniň ýanyndaky halkara iş toparyna saýlandy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň tennis federasiýasy ýurtda hereket edýän federasiýalaryň arasynda ilkinjileriň biri bolup, resmi web saýtyny işe girizdi, bu bolsa, sport muşdaklaryna Türkmenistanda we dünýäde soňky tennis habarlaryny bilmäge mümkinçilik berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly tälimçileriň 14-si ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe boldular
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Billi Jin King kubogyna gatnaşýar
Wengriýanyň premýer-ministri Aşgabada geldi, Türkmenistan we Päkistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar, Türkmen wekiliýeti Kazandaky Geljegi şekillendirmek forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar
Parzižde geçirilen görkezilişde türkmen moda egin-eşik toplumlary tanyşdyryldy, futbol boýunça dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama çempionatynyň bije çekişliginiň geçiriljek senesi mälim edildi we beýleki habarlar
Tennis boýunça halkara federasiýalaryň wekilleri Aşgabada geler
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar