Albom çykmazdan, rekord goýdy

Dokuz “Grammy” baýragyna mynasyp bolan Rianna 7 ýyldan gowrak wagtdan bäri täze albom çykarmandy. Şeýle-de bolsa, barbadosly aýdymçynyň “Spotify” platformasyndaky 10 aýdymy jemi bir milliarddan gowrak diňlenilip, rekord goýdy. Şeýlelikde, Rianna bu sepgide ýeten ilkinji zenan aýdymçy boldy. 35 ýaşly sungat ussady soňky gezek 2016-njy ýylyň ýanwarynda “Anti” atly albomyny diňleýjilerine hödürläpdi.

Rianna bu rekordy barada jemgyýetçilik torundaky akkaundynda mälim etdi.

1988-nji ýylda Barbadosda dünýä inen Rianna häzire çenli “Grammy” baýraklaryndan başga-da, 13 Amerikan Aýdym-saz baýragyny we 12 “Billboard” aýdym-saz baýragyna mynasyp boldy. Özüniň moda brendini hem döreden Rianna işewürlik bilen hem meşgullanyp, dünýäniň iň gurply adamlaryň hatarynda durýar. Şeýle hem ol dürli ugurlarda Ginnesiň rekordlar kitabyna hem adyny ýazdyrdy.

Ol 2010-njy ABŞ-da “Hot 100” sanawynda dört aýdymy birinji bolan ilkinji zenan aýdymçy boldy. Şol ýyl çykarylan “Rude Boy” hem-de “Only Girl” (In The World) aýdymlary onuň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Aýdymçy 2007-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli bäş ýyl yzly-yzyna Birleşen patyşalykda “birinji belgili “singla” eýe bolan ilkinji zenan” adyny aldy.

2012-nji ýylda ABŞ-da Riannanyň sanly aýdymlary 47,57 million nusgalykda satylyp, bu ugurda öňdeligi eýeledi.

Häzirki wagtda Rianna dünýäde 250 milliondan gowrak albomy satylan ikinji zenan aýdymçy rekordynyň eýesi bolmagynda galýar.

Riri ady bilen hem tanalýan aýdymçy geçen ýyl Amerikada baýlygyny özi gazanan iň ýaş zenan milliarder bolupdy. Onuň baýlygynyň 1,4 milliard dollardygy mälim edildi.

Rep aýdymçysy ASAP Rocky (Rakim Atelston Maýers) bilen bagtly durmuşda ýaşaýan Riannanyň ikinji bäbegine göwrelidigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Aýdymçy Ariana Grande nobatdaky gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Albaniýada Saparda Boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
"Türkmenistanda aýdym-saz senedi syýasatlaşdyrylýar"
Aşgabatlylar Grammy baýragynyň eýesi Joss Stounyň döredijiligi bilen tanyşdylar