Iň gymmat brendler

Dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawy mälim edildi.Sanawda tehnologiýa kompaniýalary öňdeligi eýeledi.Energiýa, maliýe we sarp ediş pudaklarynda iş alyp barýan kompaniýalar hem sanawda özüne orun tapypdyr.

Sanawyň başyndaky 50 kompaniýanyň umumy gymmaty 36,286 trillion amerikan dollaryna ýetýär. “Apple” (3,55 trillion), “Microsoft” (3,15 trillion) we “Nvidia” (2,95 trillion) dollar gymmaty bilen ilkinji üçlüge girdi.

Saud Arabystanynyň nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan “Saudi Aramco” (2,12 trillion) kompaniýasy dördünji, amerikan “Alphabet” (2,03 trillion) kompaniýasy bäşinji ýeri eýeledi. Ilkinji onluga “Amazon” (1,94 trillion”, “Meta Platforms” (1,03 trillion), “Berkshire Hathaway” (880 milliard), “Eli Lilly” (820 milliard), TSMC (810 milliard) kompaniýalary giripdir.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalary
Uly girdeji gazandy
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Täze sepgide ýetdi
Bazar bahasy 4 trillion dollar