Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi

Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi

Ählumumy gazna bazarynyň kapitallaşdyrylmagy soňky 30 ýylda iň ýokary derejä ýetdi diýip, Financial Times neşirine salgylanýan 24KZ habar berdi.

Hasabata görä, dünýäde iri 10 kompaniýanyň bu bazardaky paýy 19,5 göterime deň boldy. 2016-njy ýylda görkeziji 9 göterimden hem pesdi.

Bu ýagdaý maýa goýumçylary biynjalyk edýär. Hünärmenler şeýle-de bazarda ABŞ-da bolan kompaniýalaryň paýnamalarynyň artyklyk edýändigine ünsi çekýärler. Ýagny Birleşen Ştatlardan bolan kompaniýalara umumy bazaryň maýasynyň 22 göterimi degişlidir, olaryň hatarynda Microsoft, Apple, Nvidia, Amazon, Meta we Alphabet bar.

Ýene degişli makalalar

BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Iň girdejili kompaniýalar