Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy

Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy

Hytaýdaky Baidu internet-läheňi emeli aň ornaşdyrylan akylly äýnekleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Financial Times gazetine salgylanýan INTERFAX.RU habar berýär.

Täze önüm şahsy kömekçi hökmünde ulanylyp bilner diýip, Xiaodu golçur elektronika brendiniň başlygy Li In Şanhaýda geçen tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.

Täze äýnekler kaloriýa sarp edilişine gözegçilik etmäge, daşky ýagdaý barada sowal bermäge, saz diňlemäge we wideoşekilleri surata almaga mümkinçilik berýär. Onuň satuwlary geljek ýylda başlanar.

Xiaodu kompaniýasy öň Ernie Bot emeli aňyny dürli önümlerine utgaşdyrmagy başardy, olaryň arasynda gartaşan dogan-garyndaşlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin wirtual panel bolup, onuň kömegi arkaly emeli aň -lukmanlar bilen habarlaşyp, derman içmegiň wagtyny ýatladyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär
“Financial Times” gazeti “ýylyň adamyny” mälim etdi
Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär
74 gatly ofis diňi gurlar
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi