Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy

Beýik Britaniýanyň halkara gündelik neşiri bolan “Financial Times” gazeti ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Trampa ýylyň adamy derejesini berdi. Ýurduň abraýly neşiri onuň ýene-de uly syýasata dolanyp gelmeginiň özboluşlyly wakadygyny belläp geçdi.

Bu “Financial Times” neşiri tarapyndan Trampyň ikinji gezek ykrar edilmegidir.Ilkinji gezek syýasatçy şeýle derejä 2016-njy ýylda, üstünlik gazanmak ähtimallygynyň pes wagty gazanan ýeňşi üçin mynasyp boldy. 2024-nji ýylda bilermenler onuň Ak Tama dolanyp gelmegini “häzirkizaman amerikan syýasatynyň geň-taň wakasy” diýip baha berdiler. “Indi ähmiýetsiz waka ýaly Trampa kembaha berip bolmaýar” diýlip beýanatda bellenilýär. Ýatlap geçsek, 78 ýaşly Trampyň 5-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda gazanan ýeňşi, ony geçen bir asyrdan gowrak wagtdan soň ýeňilenden soň prezidentlige gaýdyp gelen ilkinji ABŞ-nyň syýasatçysyna öwürdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda ilkinji şeýle Prezident Grower Kliwlend bolup, ol 1884-nji, 1888-nji we 1892-nji ýyllarda yzly-yzyna üç gezek saýlawlara gatnaşypdy, ýöne diňe 1884-nji we 1892-nji ýyllarda ýeňiş gazanyp bilipdi.

Belläp geçsek, 2023-nji ýylda “Financial Times” gazeti tarapyndan ýylyň adamy hökmünde Daniýanyň “Novo Nordisk” farmasewtika kompaniýasynyň başlygy Lars Ýorgensen saýlanypdy. Ýakynda “Time” neşiri hem ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy “Ýylyň adamy” hökmünde ykrar etdi.

Neşir oňa “dünýäniň iň güýçli adamy” diýip baha berdi.Beýanatda Trampyň syýasy taýdan gaýdyp gelmeginiň Amerikanyň taryhynda aýratyn wakadygy bellenilip geçildi. /* custom css */ .td_uid_15_6766b001f37bb_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6766b001f37bb_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy
Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär
74 gatly ofis diňi gurlar
ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär
“Financial Times” gazeti “ýylyň adamyny” mälim etdi
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi