ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär

ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär

“Financial Times” gazetiniň habaryna görä, ABŞ-nyň Guryýer güýçleriniň ministri Den Driskoll duşenbe güni Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygy we Russiýanyň wekiliýeti bilen urşuy bes etmek üçin parahatçylyk ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Abu-Dabi şäherine geldi.

Habarda ABŞ-nyň resmisine we duşuşykdan habarly iki adama salgylanyp, Driskoll bilen ruslaryň duşenbe güni agşam gepleşiklere başlandygy we sişenbe güni maslahatlary dowam etdirmegi meýilleşdirýändikleri aýdylýar.

Habara görä, Driskollyň Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş Razwedka müdirliginiň (GUR) başlygy Kirilo Budanow bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Abu-Dabide geçirilen gepleşikler hepdäniň ahyrynda Ženewada ukrain we amerikan resmileriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde gazanylan öňegidişliklerden soň geçirilýär.

“Financial Times” gazeti ABŞ-nyň resmisiniň: “Driskoll soňky birnäçe günüň dowamynda bu parahatçylyk tapgyryna örän işjeň gatnaşdy. Şonuň üçin ol bu meseläni Russiýa bilen gozgap biler” diýendigini habar berdi.

Hasabatda Abu Dabidäki üç aýry tarapyň bilelikdemi ýa-da aýry-aýry duşuşandygy barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi
Ilon Mask Tesla-daky paýnamalarynyň bir bölegini satdy
“Unilever” kompaniýasy çaý telekeçiligini satdy
YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar