Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy

Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisinden berilen beýanata görä, Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow, Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygy Andriý Ýermak, Ukrainanyň Baş Razwedka gullugynyň başlygy Kirilo Budanow we beýleki resmileriň gatnaşan çärede, Krym tatarlarynyň milli lideri Mustafa Abduljemil Kyrymogly, Türkiyäniň Baş jemgyýetçilik gözegçisi Şeref Malkoç, Türkiye, Türkmenistan, Palestina, Özbegistan, Müsür, Liwiýa, Pakistan, Indoneziýa, Günorta Afrika, Azerbaýjan, Alžir, Sudan, Katar, Yrak we Gyrgyzystan ýaly döwletleriň diplomatik misssiýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede musulman esgerlere sylaglar gowşuran Zelenskiý, geçen ýyl täze däp başladandyklaryny habar berdi.

Mübärek Oraz aýyny bu ýagdaýda bilelikde belläp geçendiklerini aýdan Zelenskiý: "Döwletimiziň syýasy ýolbaşçylygy, harby serkerdeler, Ukrainanyň musulman jemgyýetiniň wekilleri, Krym Tatar Milli mejlisi we diplomatik missiýalar bilelikdediris. Häzirki wagtda bu gurşawda bilelikde bolanymyz üçin men örän şat. Agzybirlik hemişe möhümdir. Esasan hem durmuş uruşyň we erbet hüjümleriň kölegesinde bolanda agzybirlik möhümdir" diýip belledi.

Zelenskiý ýurduny we azatlyklaryny goraýan Ukrainanyň Goranmak we Howpsuzlyk güýçlerinde iş alyp barýan musulman esgerleriň göreşini takdyr edip, batyrgaýlyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy
Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi