Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy

Ukrainadaky kesgitli nyşanalara garşy hüjümleriň guralandygyny aýdan Igor Konaşenkow: "Düýn gije Russiýanyň Ýaragly güýçleri howadan uçurylan uzak aralykly ýokary takyk raketalar bilen Ukrainada karar kabul ediş merkezini ýok etdi. Hüjüm maksadyna ýetdi" diýip habar berdi.

Günüň dowamynda Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe we Donetsk ugurlarynda şowsuz çozuşlar ýerine ýetirendigini aýdan Igor Konaşenkow, şu günki güne çenli Ukrainanyň goşunyna degişli 462 uçar, 246 dikuçar, 6012 uçarmansyz howa ulagy, 433 howa goranyş ulgamy, 11 müň 476 tank we sowutly ulag, 1144 köp nilli raketa ulgamy, 6 müň 24 gaubisa we minomýot bilen 12 müň 408 ýörite harby ulagyň ýok edilendigini mälim etdi.

Beýleki tarapdan ukrainaly esgerleriň 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Kryma girendigi habar berildi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka bölüminiň metbugat geňeşçisi Andreý Ýusow: "Ýörite operasiýanyň çäginde esgerlerimiz ýarymada girdi. Bellenen nyşanalara ýetdiler. Esgerlerimiziň arasynda ýitgi çekilmedi" diýip aýan etdi.

Ýörite operasiýanyň dowam edýändigini aýdan Ýusow ähli jikme-jiklikler barada maglumat berip bilmejekdigini belledi.

Ýusow rus güýçleriniň arasynda adam pidalarynyň çekilendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka bölüminiň başlygy Kirill Budanow hem Krymyň islendik ýerine hüjüm guramaga mümkinçiliklerini bardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Wan welaýatynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Russiýanyň Döwlet film gaznasy 40 filmi, şol sanda Çapaýewi sanlylaşdyrýar