Täze sepgide ýetdi

ABŞ-nyň elektron söwda pudagynda iş alyp barýan Amazon kompaniýasynyň bazar nyrhy ilkinji gezek 2 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, bölek söwda ägirdi Microsoft, Nvidia, Apple we Alphabet kompaniýalaryndan soňra iň gymmat bäşinji amerikan kompaniýasy boldy.

Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy 3,6 göterim ýokarlanyp, 193,04 dollara çykdy. Şeýlelikde, Amazon-yň bazar bahasy 2 trillion dollardan geçdi.Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 26 göterim gymmatlady.

Google-a eýeçilik edýän Alphabet-iň bazar bahasy bolsa, şu ýylyň aprelinde şeýle sepgide ýetipdi.

Ýene degişli makalalar

Iň gymmat brendler
Bazar bahasy 4 trillion dollar
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalary
Girdejileri köpeldi