Bazar bahasy 4 trillion dollar

Bazar bahasy  4 trillion dollar

Alphabet konglomeratynyň bazar nyrhy taryhda ilkinji gezek 4 trillion amerikan dollaryndan geçdi.Google kompaniýasyna eýeçilik edýän kompaniýanyň her bir paýnamasynyň bahasy 1,6 göterim gymmatlap, 334,44 dollara ýetdi.

Netijede, tehnologiýa kompaniýasynyň umumy bazar nyrhy gysga wagtlygyna 4 trillion amerikan dollaryndan geçdi.Mundan ozal Nvidia, Microsoft we Apple kompaniýalary hem şeýle sepgide ýetipdi.Kompaniýanyň bazar nyrhy geçen ýylyň sentýabr aýynda 3 trillion dollara ýetipdi.

Soňky ýyllarda, esasan, emeli aň pudagyna maýa goýýan tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejisi has çalt depginde artýar.

Ýene degişli makalalar

Täze sepgide ýetdi
Uly girdeji gazandy
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Iň gymmat brendler
2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalary