Aýdymçy Ariana Grande nobatdaky gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Aýdymçy Ariana Grande nobatdaky gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Amerikaly aýdymçy we aktrisa "Grammi" baýragynyň eýesi Ariana Grande Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bu üstünligi “Positions” atly täze albomy bilen gazandy diýip, popcornnews.ru habar berdi.

Albomyň aýdymlary ilkinji hepdede bäş gezek “Billboard Hot 100”-iň 1-nji setirine çykdy.Bu rekord Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy.Bu Ariana Grandeniň döredijiliginde ilkinji üstünlik däl.

Ol 8 ýyllyk karýerasynda eýýäm 20 gezek aýdym-saz rekordyny goýdy we şeýle üstünlikleri gazanan ýeke-täk aýdymçy boldy. 2019-njy ýylda Ariana “The Beatles”-iň 55 ýyllyk rekordyny täzeläpdi. “Billboard” žurnalynyň habaryna görä, onuň üç kompozisiýasy ABŞ-da hepdäniň iň meşhur 100 aýdymynyň reýtinginde birinji orny eýeledi.

Onuň “Sweetener” diski iň gowy pop albomy diýlip ykrar edilip, "Grammi" baýragyny aldy.Aýdymçy, şeýle hem, YouTube-yň ykrar edilen ýyldyzydyr.Onuň "Thank U, Next" aýdymynyň klibi günde 47 milliondan gowrak gezek tomaşa edilýär.

Klibiň düşürilişine Troýa Siwan, Kris Jenner, Jennifer Kulij, Jonatan Bennet ýaly köp sanly ýyldyzlar, şeýle hem doly düzümde “Ýeňiji-Wiktoriýa” serialynyň aktýorlary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi
Meşhur aktwist barada täze film
Albom çykmazdan, rekord goýdy
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
BTS topary American Music Awards-yň Ýylyň artisti ugrunda ýeňiji boldy
The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy