Beýonse milliarderleriň hataryna goşuldy

Beýonse milliarderleriň hataryna goşuldy

“Grammy” baýragynyň eýesi Amerikan aýdymçysy Beýonse “Forbes” žurnalynyň taýýarlan milliarderleriň sanawynda orun aldy. Şeýlelikde, 44 ýaşly Beýonse bu sanawa giren bäşinji aýdymçy boldy.Neşiriň habaryna görä, Beýonseniň esaslandyran kompaniýalary we brendlerinden gazanan guirdejisi, şeýle hem aýdym-saz karýerasynyň dowamynda edinen baýlyklarynyň umumy möçberi bir milliarda ýetdi.

Mundan ozal onuň ýanýoldaşy, repçi Jay-Z hem bu sanawa giripdi.Bu jübüt bilen bir hatarda Teýlor Swift, Brýus Springstin we Rianna ýaly aýdymçylar hem milliarderleriň sanawynda özüne orun tapypdy.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swift milliarderler boldy
9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi
Ýylyň adamy saýlandy
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy artist zenany belli edildi