Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (38-nji bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Töwekgellik etmek

Gülmek — diýmek, samsyklygyň bildirmek, Aglamak — ýüregiň ýukalygyn görkezmek, Duýguňy görkezmek — kimdigiň bildirmek, Bu zatlaryň bary — töwekgellik etmek. Kim söýýän bolsa, bilip goý — Söýülmejegine töwekgellik edýär. Ýöne adam töwekgellik etmelidir, Sebäp iň uly howp — töwekgellik etmezlik. Kim töwekgellik etmeýän bolsa, Hiç zady bolmaz, özi hem hiç kim.

Onuň azapdyr horluklardan gaçyp sypmagy mümkin, ýöne ol öwrenmekden, duýmakdan, özüni üýtgetmekden, ösüşden, söýmekden hemem hezil edip ýaşamakdan mahrumdyr. Öz ynançlaryna baglanan adam — azatlykdan mahrum bolan gul kysmy bir zatdyr.

Diňe töwekgellik edýän adam azatdyr. — Töwekgellik etmek üçin edýän işiňe ynanmalymy? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Hut şeýle — diýip, jenap Lewis jogap berdi. — Men: Eliňdäki bar zady äkidip, humarly oýunlara goýmaly diýjek bolamok.

Oýlanmazdan töwekgellik etmek samsyklyk, bular ýaly iş hiç wagt binasy pugta tutulan baýlyk ýaly bolmaz.Men şowsuzlygyň ýa-da ýeňlişiň pikirini etmän, gowy oýlanyp, pikirleriňizi durmuşa geçirmegiň gürrüňini edýän.

Durmuşa diňe üýtgeşiklik girizilende üýtgejekdigine hemem muny üýtgedip biljegiňize ynanmalysyňyz.Her bir üýtgeşikligiň näbelli tarapy bar, diýmek, bu işde töwekgelçilik hem bar, ýöne siz hiç wagt öňki durmuşyňyzy taşlaman, täzesine ýetip bilmersiňiz. — Bu dogry, ýöne dogry karar geleniňi nädip bilmeli? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Eger şübhelenýän bolsaňyz — hatda siziň hereketiňiz garşylykly ýa-da maksada laýyk bolmasa-da — öz içgi duýguňyza hemem aňyjylygyňyza bil baglaň.

Sizi arzuwlaryňyza köplenç içki duýgularyňyz alyp barýar.Hut şonuň üçinem bärde ynamyň ullakan ähmiýeti bar.Eger siziň ynamyňyz bar bolsa hemem ondan ugur alsaňyz, gudratyň döräp ugranyny özüňiz görersiňiz. — Ýöne ynam nämeden döreýär? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi. — Men hiç hili dini terbiýe alamok, hatda nämeden başlajagymam bilemok. — Ynamly bolmak üçin haýsydyr bir diniň tarapdary bolmak hökman däl.

Dine uýýanlygyňyza ýa-da uýmaýanlygyňyza garamazdan, entek ýüregiňiz açykka, islendik soraga jogap alarsyňyz.Ynamy öwrenibem bolýar, döredibem.Ynam bilen baglanyşykly iň bir gowy maslahatyň biri — bu ynamly ýaly hereket etmek.

Hamala üstünlige ýetjek ýaly, maksadyňyza ýetjek ýaly, ähli edýän işleriňiz dogry ýaly hereket ediň, şonda öňüňizde goýýan maksadyňyzdan hiç kim saklap bilmez. — Ynamly ýaly hereket etmek — diýip, ýaş ýigit ýandepderçesiniň üstüne eglip oturyşyna gaýtalady. — Ynam döretmek üçin özüňi ynandyrmagyň usuly hem bar, bu usul biziň aň asty aňymyza täsir edýär.

Siziň bahym-bahymdan gaýtalaýan zatlaryňyzyň ählisi aň asty aňyňyzyň barýar.Meselem, meniň ulanan käbir sözlerim şulardan ybarat: Meniň durmuşymy Hudaýyň berýän baýlyklary dolduryp, ol meniň ähli islegimi kanagatlandyrýar, Meniň durmuşymda ýüze çykýan Hakyky Baýlygy hiç kim, hiç bir zat saklap bilmez, Ähli bolýan zatlar — meniň durmuşymy baýlaşdyrmak üçin bolýar, Men durmuşdan ähli dileýän zadymy wagtynda alaryn.

Men bu sözleri günde gaýtalaýan hemem ony maksadymy ýazan hatymyň arka ýüzüne çatyp, günüň islendik wagty çykaryp okar ýaly, gapjygymda göterýän. Ýene bir gezek gaýtalaýan, meniň durmuşdan alan esasy sapaklarymyň biri — ynamly bolmak, eger ynamyňyz bolsa, islendik zada ýetip bilersiňiz. — Bu zatlary aýdanyňyz üçin köp sag boluň — diýip, ýaş ýigit ýerinden turup durşuna aýtdy. — Siz dogrudanam maňa köp zada akyl ýetirmäge kömek etdiňiz. — Kömek edenime begenýän, alyň — diýip, jenap Lewis ýaş ýigide bir kagyzy uzadyp durşuna aýtdy. — Belki, size munuň kömegi deger.

Kagyzdy gysgajyk goşgy bardy:

Ol: Uçuda ýöräň diýdi. Olar: Gorkýarys diýdi. Ol: Uçuda ýöräň diýdi. Olar uçuda golaýlady. Ol olary itdi… Olar bolsa uçup gitdi. Gaýom Apolliner

Agşamara ýaş ýigit ýazan zatlaryny gözden geçirdi:

Hakyky baýlygyň dokuzynjy syry — ynamyň güýji

1.Ynanýan pikirleriňize ser salyp, oýlanyşykly iş meýilnamasyny düzüň hemem onuň amala aşjakdygyna ynanyň.Indi bolsa özüňize sorag beriň: Eger şowsuzlyga düşmejegimi bilýän bolsam, nähili hereket ederin? 2.

Batyrgaý bol, onsoň ullakan güýçleriň özi kömege geler! 3.Elmydama üstünlige ýetjek ýaly hereket et. 4.Içki duýgularyňa ynan-da, aňyjylyk ukybyň yzyna düş. 5.Tiz-tizden özüňi ynandyrmak arkaly ynam döredip bolýar.

Adamyň bahym-bahymdan gaýtalaýan zatlary aň asty aňyna barýar.

Ýandepderçesini goýmazdan ozan, ol ýazan zatlaryny ýene bir gezek seretdi-de, penjiräniň öňüne bardy. Indi ol näme etmelidigini bilýärdi — batyrgaý bolmaly, ynamly bolmaly hemem hereketde bolmaly.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (37-nji bölüm)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy